Ýok bolmakdan halas etmäge tarap ädim: alymlar adam genomyny 5D kristala ýazdylar

  • 22.09.2024 23:16
  • 8.7k+

Beýik Britaniýadaky Sautgempton uniwersitetiniň alymlary maglumatlary milliardlarça ýylyň dowamynda saklap bilýän 5D kristala adam genomyny üstünlikli ýazdylar. Nazaryýetde bu innowasion tehnologiýa geljekde adamlary ýok bolmakdan halas etmekde möhüm rol oýnap biler diýip, TASS habar berýär.

Professor Piter Kazanskiniň ýolbaşçylygyndaky ylmy gözlegçiler 5D ýat kristalynda genetiki materialy, şol sanda DNK gurluşyny ýazga almak üçin lazerleri ulandylar. Wagtyň geçmegi bilen peýdasyz bolýan maglumatlary saklmagyň adaty tehnologiýalaryndan tapawutlylykda, täze göteriji hatda adatdan daşary şertlerde-de ýitmek töwekgelçiligi bolmazdan 360 terabaýta çenli maglumaty saklap bilýär.
Kristal Selsiý boýunça 1,000 gradusa çenli temperatura, göni täsire we kosmos radiasiýasyna çydap bilýär.
Alymlar bu tehnologiýa diňe bir adamlaryň däl, eýsem ýitip gitmek howpy abanýan ösümlik we haýwan görnüşleriniň genomyny saklap galmak boýunça taslama üçin esas döreder diýip umyt edýärler.
5D maglumaty saklaýyş boýunça ylmy gözlegler 1996-njy ýylda başlady, 2010-njy ýylda bolsa ilkinji görkeziş nusgasy hödürlendi. Ýat kristaly maglumatlaryň üç giňişlik koordinatlar parametriniň we iki optiki parametriň ulanylmagy bilen kodlanýandygy üçin 5D diýlip atlandyrylýar.
2014-nji ýylda kristal maglumatlary saklamak üçin iň berk material hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba alyndy.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....