Şawkat Mirziýoýew telefon arkaly söhbetdeşlikde Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady

  • 22.09.2024 22:30
  • 6.5k+

22-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. 

Şawkat Mirziýoýew Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň abadançylygynyň, türkmen halkynyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işinde uly üstünlikleri arzuw etdi diýip, TDH habar berdi.
Söhbetdeşler türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ugurlaryň giň toplumyny, şol sanda oba hojalygy, elektroenergetika, nebitgaz, himiýa senagaty ýaly pudaklary   we beýleki ugurlary öz içine alýandygyny bellediler.
Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň sebitleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, parlamentara gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. 
Serdar Berdimuhamedow ýurtlarymyzyň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda, hususan-da, bilim, ylym, saglygy goraýyş ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini nygtady.
Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistan  bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan uly şahsy goşandy üçin özbek kärdeşine minnetdarlyk bildirdi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......