Hytaýly alymlar Aýyň arka tarapyndan getirilen topragyň düzümi barada ilkinji maglumatlary berdiler

  • 21.09.2024 13:10
  • 8k+

Hytaýly alymlar Aýyň arka tarapyndan “Çane-6” zondy bilen getirilen topragy seljermegiň netijesinde alnan maglumatlar bilen paýlaşdylar diýip, RIA Nowosti habar berýär.

2024-nji ýylyň iýun aýynda enjam Ýere tas iki kilogram nusga getirdi, bu hem Aý gözlegleri üçin möhüm waka boldy. National Science Review žurnalynda neşir edilen makala nusgalaryň fiziki, mineralogiki we geohimiki aýratynlyklaryny beýan edýär.
Topragyň esasy düzümi bazalty (nusgalaryň umumy mukdaryndan 30 – 40%), brekçiýany we ýiti reňkli dag jynslaryny öz içine alýar.
Mineralogiki derňew nusgalarda plagioklazyň (32,6%), pirokseniň (33,3%) we aýnanyň (29,4%) düzümini ýüze çykardy, şol bir wagtyň özünde aýnanyň düzümi “Apollon” missiýasynyň çäklerinde getirilen nusgalaryň aşaky çägine ýakyn diýlip, ylmy gözlegde aýdylýar.
Şeýle-de, alymlar “Çane-5” missiýasy bilen Ýeriň hemrasynyň görünýän tarapyndan getirilen nusgalardan tapawudyň bardygyny bellediler. Täze nusgalarda plagioklazyň ýokary düzümi we oliwiniň pes düzümi ýüze çykaryldy. Bu “Çane-6-nyň” gonan sebitinde bazalt däl materiallaryň Aý topragyna täsiriniň bardygyny görkezýär.  
Geohimiki derňew alýumin oksidiniň we kalsiý oksidiniň düzüminiň ýokarydygyny görkezdi, demriň düzümi bolsa ortaçadan pes boldy. Uran we toriý ýaly radioaktiw elementleriň derejesi KREEP hökmünde belli bolan jynslar bilen deňeşdirilende ep-esli pesdi.
Bu maglumatlar Aýyň düzümi we emele gelşi baradaky düşünjeleri çuňlaşdyrmaga we Ýeriň hemrasy barada ylmy bilimleri giňeltmäge kömek eder.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....