Lebap welaýatyndaky meýdançalaryň birinden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy

  • 20.09.2024 23:25
  • 9.1k+

Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän meýdançalaryň birinde geçirilen buraw işleriniň netijesinde senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy. Bu barada wise-premýer B.Amanow anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi diýip, “Watan” habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, “Türkmengaz” döwlet konserni we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan çykarylýan uglewodorod serişdeleriniň möçberlerini artdyrmak ýurdumyzyň nebitgaz ýataklaryny gözlemek we özleşdirmek boýunça degişli çäreler görülýär. 
Bu işleriň çäklerinde gaz känlerinde gözleg-barlag, baha beriş-ulanyş guýularyny burawlamak boýunça bilelikde işlenip düzülen degişli meýilnamanyň esasynda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň çäklerindäki meýdançalarda gözleg-barlag guýularyny burawlamak işleri meýilleşdirildi.
Lebap welaýatyndaky meýdançadan gaz akymynyň alynmagy çykarylýan “mawy ýangyjyň” möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.
Serdar Berdimuhamedow täze açylan gaz ýatagyny netijeli özleşdirmek üçin ähli zerur işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtady we wise-premýere ýurdumyzyň çägindäki meýdançalarda gözleg-barlag guýularyny burawlamak işlerini yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.


17.01.2026 08:47
4.8k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.6k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...