Bristol alymlary gan toparlarynyň täze ulgamyny açdylar: bu näme üçin möhüm?

  • 20.09.2024 14:03
  • 6.1k+

Bristol uniwersitetiniň alymlary gemologiýa pudagynda möhüm açyş – gan toparlarynyň MAL diýlip atlandyrylan täze ulgamy barada habar berdiler. Onuň düzümine 1972-nji ýylda ilkinji gezek açylan, ýöne genetiki esaslary häzire çenli öwrenilmedik AnWj antigeni girýär diýip, Planet Today habar berýär.

Ylmy gözlegçiler antigeniň Mal belogy tarapyndan geçirilýändigini anykladylar.
Öň, adamlar dört esasy gan toparyna öwrenişipdi, ýöne aslynda olaryň düzümi has çylşyrymly. Häzirki wagtda gan toparlarynyň 360-dan gowrak dürli antigenleri öz içine alýan 47 ulgamy belli. Şonuň üçin täze açyş lukmançylyk tejribesi üçin möhüm ähmiýete eýe, sebäbi ol gan goýbermede seýrek antigenler sebäpli ýüze çykýan oňaýsyz reaksiýalaryň öňüni almaga kömek eder.
Şeýle ýagdaýlar AnWj antigeni otrisatel bolan adamyň gany AnWj antigeni položitel adamyň gany bilen garyşdyrylanda ýüze çykyp bilýär. Adamlaryň 99,9%-inde AnWj položitel, ýöne kadadan çykmalar hem bar, ýagny birnäçe adamda AnWj otrisatel bolup bilýär. Köplenç, şeýle adamlarda gematologik keseller ýa-da onkologiýanyň aýry-aýry görnüşleri bolýar.
Alymlar bu açyş gan topary özboluşly bolan hassalar üçin seýrek donorlary tapmaga mümkinçilik berip, lukmançylyk kömeginiň hilini ýokarlandyrmaga kömek eder diýip umyt edýärler.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....