Aşgabatda 700-den gowrak ýaşlaryň gatnaşmagynda Howanyň üýtgemegi boýunça maslahat geçirildi

  • 18.09.2024 20:50
  • 8.7k+

Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň jemleýji milli maslahatyny geçirdi. Oňa Türkmenistanyň dürli künjeklerinden 700-den gowrak ýaşlaryň gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Maslahaty Türkmenistanyň hökümeti BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM), Azerbaýjan Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanalary we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilelikde geçirdi.
Maslahat Howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlar maslahatynyň (COY 19) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň (COP 29) 29-njy mejlisiniň öňüsyrasynda geçirildi.
Maslahat ýaş nesliň howanyň üýtgemegi, onuň durmuş-ykdysady ösüşe, ekologik durnuklylyga we bioköpdürlilige ýetirýän täsiri barada habarlylygyny ýokarlandyrmagy, şeýle hem howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga we netijelerini azaltmaga ýardam berýän innowasion çözgütleri ornaşdyrmakda umumy çemeleşmeleri işläp düzmegi maksat edinýär.


Bu ýyl maslahat Türkmenistanyň sebitlerini hem öz içine aldy. Şunuň bilen baglylykda sebitleýin maslahatlar Daşoguz, Balkanabat, Mary, Türkmenabat şäherlerinde we Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda geçirildi. DÖM-iň ýaş ilçileri we işjeň raýatlar ýaşlar bilen duşuşmak arkaly has işjeň gatnaşyjylara jemleýji maslahatda öz taslamalaryny hödürlemäge we pikir alyşmaga mümkinçilik döretdiler.
Maslahatyň j
emleýji bölümçesinde işçi toparlaryň ýolbaşçylary howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly Ýaşlar ýol kartasyna girizilen anyk teklipleri berdiler. Bu teklipler COY 19-da we COP 29-da hödürlenjek Türkmenistanyň Ýaşlar beýannamasynyň jemleýji nusgasyna giriziler.


düýn 18:54
3.5k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.7k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......