Tesla Cybertruck pikapy zarýad tizligi boýunça rekordy täzeledi

  • 18.09.2024 12:01
  • 4.5k+

Tesla Cybertruck zarýad tizligi boýunça täze rekorddan soň ýene ünsi özüne çekdi. Bu gezek pikap 405 kWt zarýad beriş tizligine ýeten ilkinji Tesla ýolagçy awtomobili boldy. Bu üstünlik Slowakiýadaky Ejoin zarýad stansiýasynda hasaba alyndy diýip, Teslarati neşiri ýazýar.

Cybertruck 123 kWt/sag sygymly batareýa bilen üpjün edilen, bu hem adaty şertlerde zarýad üçin köp wagt talap edýär. ABŞ-da 250 kWt kuwwatly Supercharger stansiýasy ulanylanda 11%-den 80%-e çenli zarýad beriş 45 minut wagt aldy, şol bir wagtyň özünde iň ýokary kuwwat 206 kWt ýetdi. Ýöne Slowakiýada awtomobili 600 kWt gurluşa birikdirip, täze rekord goýmak başartdy.
Iň ýokary zarýad beriş kuwwaty 405 kWt boldy, bu hem zarýad beriş wagtyny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berdi. Bary-ýogy bir sagat iki minutyň içinde 118,8 kWt/sag energiýa berildi. Zarýad berşiň ortaça tizligi 113 kWt boldy, bu hem ýolagçy elektromobili üçin ýokary görkezijidir.
Häzirlikçe ABŞ-da şeýle kuwwaty goldamaga ukyply jemgyýetçilik zarýad stansiýasy ýok, ýöne Slowakiýadaky rekord Cybertruck-yň bu ugurda potensialynyň heniz doly açylmandygyny görkezýär.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

22.06.2026 14:34
3.1k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....