Türkmenistanyň DIM-nde TIF 2024 maýa goýum forumynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi

  • 17.09.2024 16:10
  • 2k+

16-njy sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda şu ýylyň 10-11-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň we sergisiniň (TIF 2024) netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi.

Bu çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýurduň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýerli we daşary ýurt habar beriş serişdeleri gatnaşdy.
Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, şeýle hem onlarça ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini bir ýere jemlän Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň (TIF 2024) netijeliligini belläp geçdi.
Çärede Hindistan Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri, Owganystanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekili, halkara guramalarynyň we maliýe institutlaryň ýolbaşçylary hem çykyş etdiler.
Daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistan tarapyndan amal edilýän  bu ädimleriň diňe bir ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine däl-de, eýsem sebit we tutuş dünýä bähbidine gönükdirilendigini, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin hem möhüm şertdigini bellediler diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.


şu gün 18:57
658

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
960

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
981

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......