Germaniýanyň Kansleri Astanada "C5+1" Merkezi Aziýa Sammitine gatnaşar

  • 17.09.2024 11:00
  • 7.1k+

Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols resmi sapar bilen Özbegistana bardy. Respublikanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew myhmany Samarkandyň Registan meýdançasynda garşy aldy. Bu barada özbek Lideriniň habarlar gullugynda aýdylýar.

Samarkand şäheriniň Maslahatlar merkezinde Özbegistanyň Prezidentiniň we Germaniýanyň Kansleriniň arasynda wekiliýetleriň gatnaşmagynda gysgaldylan formatda gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň netijeleri boýunça 8 sany ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.
Özbegistan Germaniýanyň kansleri Olaf Şolsyň saparynyň ilkinji baran nokady boldy. Ol ýerden kansler “C5+1” formatynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sammitine gatnaşmak üçin Gazagystana ugrar. Kansler bilen bilelikde ýokary wezipeli uly işewürlik wekiliýeti hem sapar bilen gatnaşýar diýip, Germaniýanyň Federatiw Respublikasynyň hökümet saýtynda habar berilýär.
Geçen ýylyň sentýabr aýynyň ahyrlarynda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň liderleri Berline sapar bilen bardylar. Şol wagt Germaniýanyň kansleri Olaf Şols myhmanlaryň bu saparynyň ähmiýetli waka bolandygy barada aýdyp, şol formatda täze duşuşyklaryň geçirilmegi barada ylalaşandygyny belläpdi.


düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.1k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
745

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......