Tbiliside Magtymguly Pyragynyň gruzin dilindäki goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy

  • 16.09.2024 11:01
  • 3.8k+

12-nji sentýabrda Gruziýanyň paýtagtynda Magtymguly Pyragynyň gruzin dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy gurady diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda habar berdiler.

Tanyşdyryş dabarasyna Gruziýanyň Parlamentiniň, esasy ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, Gruziýada ygtyýarlandyrylan daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň, Gruziýanyň Milli golýazmalar merkeziniň, Gruziýanyň Ýazyjylarynyň döredijilik birleşiginiň, ýokary okuw jaýlarynyň rektorlary, professor-mugallymlary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çärä Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň wekillerinden, medeniýet we sungat ussatlaryndan ybarat bolan Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.
Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary L.Darsalia çykyş edip, Türkmenistany ýetip gelýän Garaşsyzlyk güni bilen gutlady we Türkmenistan bilen Gruziýany birek-birege hormat, deňhukuklylyk we aç-açanlyk ýörelgeleri esasynda ýola goýlan, däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň birleşdirýändigini belledi. Şeýle hem, türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilmeginiň yzygiderli syýasy dilaloga esaslanýandygy bellenildi.
Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow Magtymgulynyň goşgularynyň gruzin diline terjime edilmeginiň Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky dostlugyň, doganlygyň we ýakyn hyzmatdaşlygyň ýene bir aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny nygtady.
Gruziýanyň Ýazyjylarynyň döredijilik birleşiginiň Başlygy Makwala Gonaşwili döredijilik mirasy dünýäniň ruhy hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen halkynyň beýik oglunyň goşgularynyň terjimesiniň üstünde işlemegiň özi üçin uly mertebe bolandygyny belledi.
Gruziýanyň Tehniki uniwersitetiniň rektory D.Gurgenidze Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň bütin dünýäde tanalýandygyny we oňa ýokary bahanyň berilýändigini, şeýle hem gruzin dilindäki bu kitabyň gruzin şygryýet söýüjilerine şahyryň zehininiň çuňlugyny we özboluşlylygyny açmaga kömek etjekdigini nygtady.
Çäräniň dowamynda türkmen we gruzin halk aýdymlary ýerine ýetirildi, myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlendi.


düýn 22:59
303

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.3k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.5k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

06.05.2026 09:18
12k+

Öňünden barlaň... «Türkmenhowaýollarynyň» Frankfurta uçuşlary 3-nji terminala geçirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurt halkara howa menziline uçuşlary 2026-njy ýylyň 6-njy maýyndan başlap, 3-nji terminaldan amala aşyrylar we şol terminala hem geler. Bu barada awiakompaniýanyň özi......