"Kontinentleriň tansy": 1,8 milliard ýylyň içinde kontinentler nähili hereket edipdir? (wideo)

  • 15.09.2024 11:05
  • 7.4k+

Hytaýly we awstraliýaly barlagçylar Ýer togalagynyň taryhynyň 40%-ini diýen ýaly öz içine alýan plitalaryň tektonikasynyň animasiýa modelini döretdiler. Işiň netijeleri Geoscience Frontiers-de çap edildi.

Geologiki ýyl ýazgylardan alnan maglumatlara esaslanan bu model materikleriň nähili hereket edendigini, çaknyşandygyny we super materikleri emele getirendigini görkezýär.
Wideoda Rodinia, Pangeýa we Gondwana ýaly superkontinentleriň emele gelşi we soňraky bölünişikleri görkezilýär. “Kontinentleriň tansy” Ýeriň häzirki döwürden taryhynyň başlangyç döwrüne çenli, ewolýusiýasyny ters tertipde, ýagny häzirki ýagdaýyndan başky ýagdaýyna çenli hereketini görkezýändigini bellemelidiris.
Barlagyň awtorlary döredilen animasiýany "haýrana galdyryjy" diýip atlandyrýarlar we tektoniki rekonstruksiýanyň Ýeriň jümmüşiniň ösüşine, howanyň üýtgemegine, mineral baýlyklaryň döremegine we ýaşaýşyň gelip çykyşyna düşünmek üçin möhümdigini nygtaýarlar. Mysal üçin, tektoniki plitalaryň hereketi beloklaryň we aminokislotalaryň öndürilmegi üçin zerur bolan DNK-nyň esasy elementi bolan fosfory ýeriň ýüzüne çykarypdyr.
Hususan-da, täze modelleme planetanyň “howasynyň” onuň taryhynda näme üçin beýle köp gezek üýtgändigini, ýaşaýşyň döremegi üçin ýokumly maddalaryň nädip elýeter bolandygyny we tektonikanyň nähili ýagdaýda Ýer ýüzünde ýaşaýşyň döremegi hem-de saklanmagy bilen baglanyşyklydygyny anyklamaga kömek eder.

Adelaida uniwersitetiniň geologiýa professory Alan Kollinz şeýle belleýär: "Biziň maksadymyz — Nunanyň emele gelen döwründe peýda bolan daglaryň çylşyrymly öýjükli ewolýusiýa getirýän elementleri üpjün edip biljekdigini barlamak".


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....