Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentarileri Hywada forumda duşuşdylar

  • 13.09.2024 12:07
  • 5.3k+

12-13-nji sentýabrda Özbegistanyň Hywa şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ikinji parlamentara maslahaty geçirildi. Bu sebitleýin çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti, şeýle hem Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň parlament wekilleri gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň Mejlisiniň Metbugat gullugy habar berýär. 

Forum Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ýola goýlan dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny parlamentler derejesinde goldamagy, sebitde parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegi, ýurtda durmuş-ykdysady ösüşlere parlament wekilleriniň işjeň gatnaşmagynyň oňyn tejribelerini ýaýratmagy maksat edinýär.
Maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar wekilçilikli edaralaryň işini kämilleşdirmekde, zenan-gyzlaryň we ýaşlaryň döwletiň durmuş-ykdysady durmuşynda işjeňligini gazanmakda milli tejribeler barada paýlaşdylar, şeýle hem, parlamentara dostluk toparlarynyň, ugurdaş komitetleriň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze oňyn ýörelgeler barada çykyş etdiler.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......