Türkmen-owgan serhedinde täze infrastruktura desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi

  • 11.09.2024 15:40
  • 15k+

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň «Islim-Çeşme» serhet nokadynda täze infrastruktura desgalaryny açmak hem-de gurluşygyna badalga bermek dabaralary geçirildi.

Dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammed Hasan Ahund gatnaşdy. Prezident Serdar Berdimuhamedow dabara sanly ulgam arkaly gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Şu gün ir bilen Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň «Islim-Çeşme» serhet nokadyna geldi. Birnäçe wagtdan bu ýere dikuçarda Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammed Hasan Ahund geldi. Asylly däbe görä, owgan myhmanyna duz-çörek hödür edildi.
Soňra täze infrastruktura desgalarynyň açylyşy we gurluşygynyň badalga berilmegi mynasybetli dabaralar geçirildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly dabaralara gatnaşyjylara ýüzlendi.
Şeýle hem şu günki dabaralara Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary çagyryldy. 

Bu ýerdäki esasy taslamalar:

  • Serhetabat-Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde uzynlygy 177 metr demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy;
  • Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy bekediniň düýbüni tutmak;
  • Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň Ak ýoly bilen «Serhetabat-Hyrat» gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga bermek;
  • Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat-Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşyk işlerine badalga bermek;
  • Turgundy demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň hem-de Serhetabat-Turgundy demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy-Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek;
  • Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedini işe girizmek dabaralary.


19.05.2026 08:02
5.2k+

Dünýäde elektrik energiýasynyň ýarysyndan gowragy heniz hem gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna üpjün edilýär

Gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösüşiniň rekord derejeli tizligine garamazdan, 2025-nji ýylda dünýäniň elektrik energiýasynyň esasy bölegi öňküsi ýaly gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna öndürildi....

14.05.2026 19:01
1.8k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

11.05.2026 18:16
4.9k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....