Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň Hökümetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji bilen duşuşdy

  • 11.09.2024 15:19
  • 28k+

Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammed Hasan Ahund bilen duşuşygy boldy diýip, TDH habar berýär. 

Duşuşyk Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň «Islim-Çeşme» serhet nokadynda geçirildi.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammed Hasan Ahund täze infrastruktura desgalarynyň açylyşy we gurluşygynyň badalga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdylar.
Şu güne 
Serhetabat-Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde uzynlygy 177 metr demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy bekediniň düýbüni tutmak, «Türkmenistan- Owganystan-Pakistan-Hindistan» transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň Ak ýoly bilen «Serhetabat-Hyrat» gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga bermek, Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat-Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşyk işlerine badalga bermek, Turgundy demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň hem-de Serhetabat-Turgundy demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy-Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, şeýle hem «Türkmenistan- Owganystan-Pakistan» elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedini işe girizmek dabaralary meýilleşdirilýär.


şu gün 07:42
409

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......