Serebral anewrizmany bejerip bilýän nanorobotlar döredildi

  • 11.09.2024 11:45
  • 3k+

Nanorobotlar beýniniň anewrizmalaryny bejermek, insultyň öňüni almak üçin ulanylyp bilner. Barlag Small žurnalynda çap edildi. Awtorlaryň biri, Edinburg uniwersitetiniň bioinženeri Çi Çžou Live Science-e beren interwýusynda taslama barada gysgaça gürrüň berdi.

Ol tehnologiýanyň uky arteriýalarynda emeli anewrizmalary döredip, towşanlarda synag edilendigini mälim etdi. Synag astyndaky üç haýwan üstünlikli bejerildi. Nanorobotlaryň adam öýjükleri bilen bioylalaşyjylygy häzirlikçe diňe laboratoriýa şertlerinde synagdan geçirildi.
Nanorobotlaryň diametri 295 nanometr bolup, magnit ýadrosyndan, trombinden we gyzdyrylanda eräp gidýän gabykdan durýar. Olar magnit meýdanynyň kömegi bilen anewrizma eltilýär we beden dokumalaryna zeper ýetirmezden, dermany goýberýär.
Çi Çžouwyň sözlerine görä, usulyň howpsuzlygyny we netijeliligini uzak möhletleýin öwrenmek üçin adamlara has meňzeş fiziologiýasy bolan haýwanlarda synaglary dowam etdirmeli.
Anewrizmalaryň stentler we tegekler ulanylyp bejerilýän adaty usuly gaýtadan döremek töwekgelçiligini döredýär we uzak wagtlap derman kabul edip gezmegi  talap edýär.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....