Uçara şekilini üýtgetmäge mümkinçilik berýän aşa berk we çeýe garyndy döredildi

  • 10.09.2024 11:29
  • 6.7k+

Ýaponiýanyň Milli materiallary öwreniş ylmy institutynyň alymlary titandan we nikelden ýasalan ultra berk we çeýe metal garyndysyny döretdiler. Işläp düzüjiler onuň şekilini üýtgetmäge ukyply futuristik uçarlary döretmäge mümkinçilik berjekdigine ynanýarlar diýip, Hi-Tech ýazýar.

Material özboluşly aýratynlyklara eýedir: polat ýaly berk, ýöne daşky gurşaw şertleri üýtgände rezin ýaly süýnüp biler.
Garyndyny öndürmegiň tehnologiýasy köp basgançakly gaýtadan işlemegi öz içine alýar: garyndy 50% süýndürilýär, 300 ° C-a çenli gyzdyrylýar we soňra ýene 12% süýndürilýär. Netijede, material atmosfera basyşyndan 18 000 esse ýokary basyşa çydap bilýär, güýji polat bilen deňeçer bolýar we çeýeligi deslapkysyndan 20 esse ýokarydyr.
Täze garyndynyň esasy artykmaçlygy – temperaturanyň üýtgemegine durnukly. Häsiýetlerini -80 ° C-den +80 ° C aralygynda saklaýar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....