Norwegiýa elektrikli ulaglaryň satuwy boýunça rekord goýdy: içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglaryň satuwy bes ediler

  • 10.09.2024 09:31
  • 6.3k+

2024-nji ýylyň awgust aýynda Norwegiýa elektrik ulaglaryny satmakda täze rekord goýdy: täze hasaba alnan awtoulaglarynyň paýy 94,3%-e ýetdi diýip, Tech Xplore habar berýär.

Norwegiýanyň Ýol federasiýasynyň (OFB) habaryna görä, tomsuň soňky aýynda ýurtda hasaba alnan 11 114 täze awtoulagyň 10 480-si doly elektrik, 410-sy bolsa gibrid awtoulaglarydyr. Benzin we dizel awtoulaglaryndan bary-ýogy 224 sanysy satyldy.
2024-nji ýylyň ilkinji sekiz aýynda Norwegiýadaky elektrik ulaglarynyň paýy 86,8%-e ýetdi, içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglar bolsa satuwyň bary-ýogy 3,4%-ini emele getirdi.
Iň meşhur model, awgust aýynda satuwy 2100 ekzemplýardan geçen Tesla Model Y modelidir.
Norwegiýa içinden ýandyrylýan hereketlendirijileri bolan awtoulaglaryň satylmagyny gadagan eden ilkinji ýurtdur. Bu kanun 2025-nji ýylda güýje girer. Şeýle çäreler kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmaga we howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge gönükdirilendir.
Norwegiýadaky elektrik ulaglarynyň üstünligi, zarýad beriş stansiýalarynyň giň ulgamy we esasan, gidroelektrik stansiýalary tarapyndan öndürilýän arassa energiýanyň ulanylmagy bilen baglanyşyklydyr.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

22.06.2026 14:34
3.1k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....