Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriň ikinji tapgyrynyň durmuşa geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy

  • 08.09.2024 11:09
  • 20k+

7-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we täze şäheriň ýol-ulag düzümine degişli desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa türkmen halkynyň Milli Liderini täze şäherde häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri, gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.
Ilki bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň Koreýa Respublikasynda geçirilen “akylly” şäherleriň “World Smart City Expo” atly Bütindünýä sergisinde üç ugur boýunça ýörite baýraklara mynasyp bolmagy bilen, Gurbanguly Berdimuhamedowy täze şäheriň ähli ilatynyň adyndan gutlady hem-de dünýä derejeli forumlara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.
Şeýle hem ol Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Buýrugy esasynda “akylly” şäherleriň “World Smart City Expo” atly Bütindünýä sergisine gatnaşmak hem-de Arkadag şäheriniň Medisina klasterini amala aşyrmak üçin zerur bolan, Koreýa Respublikasynyň lukmançylykda ulanylýan serişdeleriniň öndürijileri bilen duşuşmak we degişli zawodlary ýerinde görmek maksady bilen, türkmen wekiliýetiniň Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde gulluk iş saparynda bolandygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, saparyň dowamynda “akylly” şäherleriň “World Smart City Expo” atly Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň tagallasyndan binýat bolan täze  “akylly” şähere bagyşlanan türkmen tarapynyň bölüminde Arkadag şäheriniň mümkinçilikleri we onuň aýratynlyklary bilen tanyşdyrýan gymmatlyklaryň görkezildi.
Dünýäniň 60-dan gowrak ýurdunyň wekilleriniň synçy hökmünde gatnaşan Bütindünýä sergisinde 116 bölümler ýaýbaňlandyryldy. Netijede, “akylly” şäherleriň halkara sergisiniň baýrak gowşurylyş dabarasynda Arkadag “akylly” şäher iň tapawutlanan akylly şäher; Daşary ýurt “akylly” şäheri hem-de «World Smart City Expo 2024» “akylly” şäherleriň halkara sergisine goşan uly goşandy üçin diýen baýraklar hem-de degişli nyşanlar bilen sylaglandy. Şunda “Iň tapawutlanan “akylly şäher” diýen baýrak bilen, diňe Arkadag şäheriniň sylaglanandygy aýratyn buýsançlydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu hoş habary aýratyn kanagatlanma duýgusy bilen kabul edip, Arkadag şäheriniň ähli ilatyny we täze şäheriň ýolbaşçylaryny hoş habar bilen gutlady.
Soňra bu ýerde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän durmuş maksatly binalaryň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary, binalaryň içki we daşky bezeg işlerine degişli serişdeleriň birnäçe görnüşleri görkezildi. Olaryň hatarynda Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän döwrebap demir ýol menziliniň, durky täzelenýän Aşgabat-Gökdepe ýolunyň ugrunda guruljak köp zolakly köprüniň,  söwda we hyzmat ediş toplumynyň, Yzgant şäherçesine giriş arkasynyň, Ak han we Köpetdag şa ýollarynyň çatrygynda oturdylmagy meýilleşdirilýän Taýçanak binasynyň, şäheriň yşyklandyryş ulgamynyň taslamalary, köprileriň germewleriniň görnüşleri bar.
Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalara birnäçe belliklerini aýdyp, oňa degişli düzedişlerini girizdi.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa öňde boljak şanly seneleri mynasyp derejede dabaralandyrmak maksady bilen, ýaýbaňlandyrylan giň möçberli taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly seneleriň hormatyna guraljak medeni-köpçülikleýin çäreleriň maksatnamasy degişli düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda bileklikde işlenip taýýarlanyldy. Şol bir wagtyň özünde, Arkadag şäheriniň ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleri kesgitlenen talaplara laýyk derejede alnyp barylýar.


düýn 18:13
756

Türkmenistan we BMG hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny amala aşyrmagyň netijelerini we geljegini maslahatlaşdy

25-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda BMG bilen hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça Ýolbaşçy komitetiň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berýär...

düýn 18:11
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ÝTÖB-iň prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

25-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi...

düýn 14:03
4.7k+

Beýik Britaniýanyň parlamentinde Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda duşuşyklar geçirildi

25-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň parlamentiniň Jemgyýet palatasynyň başlygy Lindsi Hoýl bilen geçiren duşuşygyna gatnaşdy...

düýn 13:58
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy Beýik Britaniýanyň Döwlet goranmak ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 25-nji fewralda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Beýik Britaniýanyň Döwlet goranmak ministri Lord Rodni Kouker bilen geçiren duşuşygyna gatnaşdy...