Abu-Dabide Türkmenistanyň we Täjigistanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

  • 07.09.2024 08:11
  • 7.1k+

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisi Serdarmammet Garajaýew Täjigistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki täze bellenen ilçisi Aşrafjon Gulow bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň ilçihanasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň oňyn ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy, iki tarap hem dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşant goşan ýokary derejeli saparlary belläp geçdiler. Mundan başga-da, iki ýurduň Birleşen Arap Emirlikleri bilen diplomatik gatnaşyklary barada pikir alşyldy, söwda, maýa goýum we energiýa ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri babatynda aýratyn durlup geçildi.
Ilçiler diplomatik hyzmatdaşlygy we özara gatnaşyklary sebitde we halkara derejesinde has-da ösdürmäge bolan ygrarlydyklaryny gaýtadan tassykladylar we özara hem-de BAE bilen gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga üns bermegi dowam etjekdiklerini ynandyrdylar.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......