Gadymy müsürlileriň metallurgiýasy piramidalaryň golaýyndaky topragy asyrlarboýy zäherläp gelipdir

  • 05.09.2024 14:37
  • 11k+

Alymlar gadymy müsürlileriň metallurgiýa işleri bilen baglanyşykly Giza piramidalarynyň golaýynda topragyň metallar bilen uly möçberlerde hapalanandygyny ýüze çykardylar diýip, Eos ýazýar.

Geology žurnalynda çap edilen barlag 4600 ýyl ozal piramidanyň golaýynda ýerleşýän Hufu gämi duralgasynyň çäginde mis gurallaryň önümçiliginiň işjeň alnyp barlandygyny görkezýär.
Nil derýasynyň ýitip giden şahasynyň boýunda ýerleşen bu gämi duralgasy piramidalaryň gurluşygy üçin materiallary getirmegiň we mis gurallary öndürmegiň esasy merkezi bolupdyr. Iş gurallaryny ýasamakda ulanylýan misiň düzümine onuň berkligini artdyrýan myşýak goşulypdyr. Çökündi dag jynslarynyň köpçülikleýin spektrometrik derňewi misiň, myşýagyň, alýuminiň, demriň we titanyň ýokary derejededigini görkezdi.
Netijelerden çen tutsaň, hapalanma takmynan b.e. öňki 3265-nji ýylda, ýagny çak edilişinden 200 ýyl gowrak öň başlanypdyr. Piramidalaryň gurluşygy gidýärkä  hapalanma iň ýokary derejä ýetipdir (takmynan b.e. öňki 2500-nji ýyl) we b.e. öňki 1000-nji ýyla çenli ýokary derejede bolmagynda galypdyr. Bu döwürde misiň derejesi tebigy ýagdaýdakydan 5-6 esse ýokary bolup, bu sebitde senagat işjeňliginiň gaty ýokary bolandygyny görkezýär.
Metal önümçiligi Nil derýasynyň derejesiniň üýtgemegi we jemgyýetçilik çökgünlikleri şertlerinde-de işjeňligini bes etmändir. Takmynan, b.e. öňki 2200-nji ýylda, pese gaçyşlyk we jemgyýetçilik tolgunyşyklary döwründe hapalanmanyň derejesi ýokarylygyna galypdyr, bu bolsa infrastrukturanyň durnuklylygyny saklandygyny görkezýär.
Wagtyň geçmegi bilen Niliň suw joşmalarynyň arnalary arçamagy netijesinde oba hojalygynyň işjeňligi artypdyr we metaldan ýasalan gurallar gerek bolup başlapdyr.


düýn 12:00
3.6k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......