IUCN-iň hasabaty: 48 müňden gowrak haýwan görnüşi ýitmek howpunyň astynda

  • 14.10.2025 13:44
  • 4.1k+

Tebigaty goramagyň halkara bileleşigi (IUCN) bütin dünýäde 48 646 haýwan we ösümlik görnüşiniň ýitmek howpunyň astyndadygy barada hasabat berdi. Maglumatlar Abu-Dabide Bileleşigiň kongresinde hödürlenen Gyzyl sanawyň soňky täzelenmesinde getirilýär.

Gurama düwlenleriň Arktikadaky üç görnüşiniň howsalaly ýagdaýdadygyny belleýär, olaryň sany barha azalýar. Aýratynam, ýitip barýanlaryň hataryna degişli edilen hüpükli düwlen, şeýle-de gowşak ýagdaýda diýlip hasaplanýan deňiz towşany we grenlandiýa düwleni zyýan çekdi. Olar üçin esasy howplar klimatyň üýtgemegi, gämi gatnawlary, senagat awy we balykçylar tarapyndan tötänleýin tutulmagydyr.
Guşlaryň 61%-iniň sanynyň azalmagy-da çynlakaý alada döredýär. Deňeşdirmek üçin, 2016-njy ýylda bu görkeziji 44%-e deňdi. Iň uly ýitgiler Madagaskarda, Günbatar Afrikada we Merkezi Amerikada hasaba alyndy. Munuň sebäbi tokaýlaryň çapylmagy we oba hojalyk ýerleriniň giňelmegi boldy.
Şol bir wagtyň özünde, Tebigaty goramagyň halkara bileleşigi oňyn habarlary hem ýetirýär: ýaşyl deňiz pyşdylynyň sany, takmynan, 28% köpeldi. Bu höwürtge ýerlerini we ýumurtgalary goramak boýunça köpýyllyk programmanyň netijesi boldy.
Guramanyň baş direktory doktor Gretel Agilar Gyzyl sanawyň täzelenmeginiň hem düýpli meseleleri, hem üstünlikleri görkezýändigini aýdýar.

“Deňiz pişikleri ýaly görnüşleriň we köp guşlaryň barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýan wagty ýaşyl pyşdylyň populýasiýasynyň dikeldilmegi bize aýgytly we bilelikde hereket eden ýagdaýymyzda tebigat goragynyň netije berýändigi barada ýatladýar” – diýip, ol aýtdy.

Umuman alanyňda, täzelenen sanawa 172 620 görnüş girdi, olardan tas üçden biri gyssagly goraga mätäç. Alty görnüş ýitip ýok bolan diýlip ykrar edildi, olaryň arasynda ada ak dişlisi, inçe çüňkli ýylkyçy we zolakly günorta-gündogar bandikuty bar.
Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň doly Gyzyl sanawyny şu salgy boýunça görüp bilersiňiz.


07.06.2026 10:07
3.5k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

21.05.2026 22:52
8.4k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....

20.05.2026 12:56
2.7k+

Özbegistan 2027-nji ýylyň türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip atlandyrylmagyny teklip etdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoew 2027-nji ýyly türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi. Bu başlangyç Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň Türküstan......