Alymlar marmozet maýmynlarynyň biri-birine at dakýandyklaryny anykladylar

  • 05.09.2024 14:35
  • 8.8k+

Alymlar adaty marmozetleriň (Callithrix Jacchus) - günorta amerikaly ownuk maýmynlaryň biri-birini tanamak üçin özboluşly sesleri ulanýandyklaryny, ýagny biri-biriniň adyny tutup gygyrýandyklaryny anykladylar. Bu barada Edmond we Lili Safra adyndaky Neýroylymlar merkeziniň we Iýerusalimdäki Ýewreý uniwersitetiniň ýanyndaky Benin kompýuter ylymlary we inženerçilik mekdebiniň hünärmenleri tarapyndan geçirilen barlagda aýdylýar.

Science žurnalynda çap edilen makalada synaglaryň dowamynda primatlaryň kesekileriň bardygyny bildirmek üçin häsiýetli gykylyklary çykarandygy aýdylýar.
Üç dürli maşgala toparyndan 10 sany marmozeti öz içine alan barlag toparyň her agzasynyň kowumdaşlaryna ýüzlenmek üçin ýörite sesler toplumyny ulanýandygyny görkezdi. Bu marmozetlere gür tropiki tokaýlarda aragatnaşygy we toparyň jebislini saklamaga mümkinçilik berýär. Alymlar şeýle signallaryň 50 müňden gowragyny ýazgy etdiler.
Sesleriň maşyn öwreniş usullaryny ulanyp geçirilen seljermesi kime ýüzlenilýändigine baglylykda tapawutlanýandygyny tassyklady. Bu sesleriň adam atlaryna meňzeş özboluşly patternleri bar.
Birek-birege at dakmak - öz görnüşiniň beýleki wekillerine ses bilen “bellik etmek” we olary şoňa görä tanamak ukyby adamlara mahsus iň ýokary kognitiw funksiýalaryň biridir. Şeýle hereket ozal diňe delfinlerde we pillerde duşdy.
Täze açyş primatlarda çylşyrymly aragatnaşyk ukyplarynyň bardygyny we olaryň jemgyýetçilik gurluşynyň özboluşlylygyny görkezýär.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....