Ylmy açyş: Piller biri-birine at dakýarlar

  • 13.06.2024 15:29
  • 12k+

Afrikadaky piller biri-birleri üçin özboluşly atlary oýlap tapyp, şolara seslenýärler. Bu barada Nature Ecology & Evolution žurnalynda çap edilen täze ylmy gözlegde aýdylýar.

Kornell uniwersitetiniň gözlegçileri muny Keniýanyň milli seýilgählerinde pilleriň ses ýazgylaryny seljermek we maşyn bilimini ulanmak arkaly anykladylar.
Seljerme pilleriň beýleki piller üçin at hökmünde hyzmat edip biljek belli bir ses kombinasiýalaryny ulanýandygyny görkezdi. Ses maglumatlaryna esaslanyp, kompýuter modeli 28% ýagdaýda haýsy pile ýüzlenilýändigini öňünden çaklamagy başardy.
Alymlar öz netijelerini tassyklamak üçin ýazgylary pillere aýratynlykda eşitdirdiler. Piller öz “atlary” bolan ýazgylary eşidip, beýlekilere gönükdirilen ýazgylara garanda has işjeň reaksiýany görkezdiler.
Ylmy gözlegiň awtory, Kornell uniwersitetiniň biology Mikki Pardo pilleriň hem adamlar ýaly atlary ulanýandygyny, ýöne munuň hemme ýüzlenme ýagdaýynda bolmazlygynyň mümkindigini belledi.
Alymlaryň pikiriçe, bu ukyp pilleriň ýokary sosial gurluşy we olaryň ösen kognitiw ukyplary bilen baglanyşykly bolmaly.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....