“Mişlen” ýyldyzly restoranlaryň aşpezleri kömelek ulanyp, iýmit galyndylarynyň hötdesinden gelýärler

  • 02.09.2024 23:08
  • 4.8k+

Berklidäki Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary “Mişlen” ýyldyzly meşhur restoranlarynyň aşpezleri bilen birleşip, azyk galyndylaryny aňrybaş tagamlara öwürmegiň usulyny tapdylar we üstünlik gazandylar. Olaryň “gizlin ýaragy”  Neurospora intermedia kömelegidir.

Onkom tagamyny taýýarlamakda eýýäm Indoneziýanyň adaty aşhanasynda ulanylyp ýörlen bu kömelek banan gabygy we pomidor galyndylary kimin azyk galyndylarynyň onlarça görnüşinde köpelmäge ukyplydyr. Galyndylary iýmite öwürmek prosesi bary-ýogy bir ýarym gün dowam edýär we munda kömelek toksin bölüp çykarmaýar .
Synagyň dowamynda dadyp görüjiler onkomyň tagamyna altydan ýokary baha berdiler we ony ýer hoz tagamly diýip häsiýetlendirdiler.
Barlaçylar Blue Hill At Stone Barns (Nýu-Ýork) we Alchemist (Kopengagen) restoranlarynyň aşpezleri bilen bilelikde kömelek esasynda birnäçe täze tagam döretdiler. Mysal üçin, bananyň we duzlanan miweleriň ysyny berýän gaýnadylan tüwi kremli jeleden taýýarlanan desert.
Alchemist-iň baş aşpezi Ramsus Munk N. intermediýa bilen geçirilýän synaglaryň hemişe şowly bolmaýandygyny, ýöne üstünlikli netijeleriň “bütinleý öwrülişikli mümkinçilikleri” açýandygyny aýtdy.
Bu barlag Nature Microbiology žurnalynda çap edildi.


düýn 17:05
4.8k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

05.06.2026 00:08
8.1k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......

04.06.2026 18:42
5.3k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

03.06.2026 19:11
3.3k+

Barlag: Çalşykly iş beýni sebitleriniň ikisiniň göwrümini kiçeldýär

Gijeki iş we üýtgeýän iş tertibi köpden bäri beden üçin çynlakaý kyn synag hökmünde ykrar edilip gelinýär. Sirkada ritminiň bozulmalary, dowamly ukusyzlyk, stress we ýürek-damar keselleriniň töwekgelçiliginiň......