Alymlar sanjym edilensoň 5 günden ýitip gidýän kardiostimulýator döretdiler

  • 02.09.2024 23:06
  • 4.4k+

Şwesiýaly alymlar sanjym edilensoň bäş günden ýitip gidýän, nanobölejiklere  esaslanýan wagtlaýyn kardiostimulýator döretdiler. Nature Communications žurnalynda çap edilen barlagda adatdan daşary ýagdaýlarda ýürek aritmiýasyny düzetmek üçin niýetlenen nanobölejikli geliň ulanylyşy beýan edilýär.

Lund uniwersitetiniň topary adaty kardiostimulýatorlara alternatiwa teklip etdi. Olaryň enjamy ultra inçe iňňeli şprisden goýberilýär we düzüminde ýüregiň dokumasyna galtaşanda elektrik geçiriji gidrogel emele getirýän nanobölejikler bar. Bu gel ýüregiň elektrik signallaryny kadalaşdyrýar, bäş güne çenli aritmiýanyň öňüni alýar, soňra bolsa hiç hili yz galdyrmazdan eräp, ýitip gidýär.
Enjam zebra we towuk düwünçeklerinde üstünlikli synag edildi. Gel zäherlenme döretmedi we ýüregiň kadaly urşuna täsir etmedi.
Barlagçylar has iri haýwanlarda synag geçirmegi meýilleşdirýärler. Şeýle hem, olar bu wagtlaýyn kardiostimulýatory dolandyrmak üçin ykjam programma döretmek isleýärler.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....