Alymlar sekuntda 368 gezege çenli pyrlanyp bilýän jandary wideo düşürdiler

  • 02.09.2024 12:21
  • 18k+

Amerikaly alymlar kollembolanyň (Collembola) özboluşly aýratynlyklaryny wideo düşürmegi başardylar. Bu jandarlar hereket etmek we käwagt ýyrtyjylardan goranmak üçin howada “akrobatiki etýudlary” ýerine ýetirip, ajaýyp tizlik we takyklyk bilen adaty bolmadyk böküşleri edýärler.

Bu kiçi bognaýaklylar sekuntda 368 öwrüm tizliginde howada pyrlanyp bilýärler. Ylma belli haýwanlaryň hiç biri-de şeýle ukyba eýe däldir.
Kollembola bökmek üçin ýörite organ ulanýar. Ol aşa tizlik bilen ýazylýan furkasynyň berýän bady bilen, özüni 50 santimetre çenli beýiklige zyňýar.
Bu ajaýyp başarnyklar, biolog Adrian Smitiň we bioinžener Jeýkob Harrisonyň ünsüni çekdi. Olar Dicyrtomina minuta görnüşiniň hereketleriniň dinamikasyny öwrenmek üçin sanly ýokary tizlikli kameralary ulandylar.
Alymlar alnan maglumatlaryň çylşyrymly we bökmäge ukyply robotlaryň işlenip düzülmegine kömek eder diýip umyt edýärler. Şeýle robotlar halas ediş işlerinde we howply we barmasy kyn ýerlerde gözleg geçirmekde ulanylyp bilner. Gözlegiň netijeleri Integrative Organismal Biology žurnalynda çap edildi.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....