Türkmen ilçisi Kataryň Syýahatçylyk boýunça edarasynyň başlygy bilen duşuşdy

  • 01.09.2024 23:14
  • 4.1k+

Ýakynda Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Katar Döwletiniň Syýahatçylyk boýunça edarasynyň başlygy Saad bin Ali Al Harji bilen duşuşygy boldy.

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda ilçi ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler we bu pudakda ýetilen üstünlikler, hususan-da, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy hem-de Arkadag şäheri barada aýdyp geçdi.
Ali Al Harji Türkmenistan bilen syýahatçylyk pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy üçin gerekli işleriň alnyp barylmagynyň möhümdigini belledi.
Mundan başga-da, Türkmenistanda ýylyň şygary bolan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly barada hem-de akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we dünýäniň dürli künjeklerinde geçirilýän medeni köpçülikleýin çäreler barada durlup geçildi.


25.06.2026 23:36
5.5k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......