Alymlar kömürturşy gazyny siňdirýän agaçdan “gubka” döretdiler

  • 31.08.2024 16:15
  • 6.2k+

Floridanyň A&M uniwersiteti we Floridanyň döwlet uniwersiteti tarapyndan döredilen inženerçilik kollejiniň alymlary howadan we beýleki çeşmelerden kömürturşy gazyny (CO₂) netijeli siňdirip bilýän lignin esasynda material işläp düzdüler.

Lignin – agajyň esasy düzüm bölegi bolan tebigy polimerdir. Onuň elýeterliligi we arzan bahasy sebäpli, alymlar CO₂-ni köp mukdarda siňdirip biljek material döredip bildiler. Bu “gubkanyň” bir gramy, konsentrirlenen çeşmelerden, takmynan, 47 mg we daşky gurşawdan 26 mg CO₂ siňdirip biler.
“Gubkany” gaýtadan ulanyp bolýar. Ol 60 gradusa çenli gyzdyrylanda, izolýasiýa etmek ýa-da oba hojalygy ýaly dürli maksatlar üçin ulanylyp bilinýän CO₂ çykarýar.
Indi gözlegçiler materialyň goşmaça ulanyşlaryny öwrenmek isleýärler.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....