TOPH gaz geçirijisi: Aşgabatda taslamany durmuşa geçirmegiň geljegi maslahatlaşyldy

  • 30.08.2024 12:41
  • 5.7k+

29-njy awgustda Aşgabatda «TAPI Pipeline Company Limited» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň mejlisi geçirildi. Onda Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistan Habarlar Portaly habar berýär.

Mejlisiň barşynda şeýle hem ýurduň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistany, Owganystany, Pakistany we Hindistany birleşdirýän TOPH taslamasy eksport mümkinçiliklerini giňeltmekde we sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde strategiki orun eýeleýär.
Duşuşyga gatnaşyjylar taslamanyň üstünde netijeli işleri dowam etdirmegiň we gaz geçirijiniň gurluşygynyň ähli tapgyrlarynyň üstünlikli tamamlanmagy üçin göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmegiň möhümligini bellediler.
Öň, habar berşimiz ýaly, häzirki wagtda Owganystanyň Magdan we nebit önümleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji H.Badriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary ýurdumyzda saparda bolýar.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

26.06.2026 08:04
7k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......