Hytaýly alymlar Aýda suw önümçiliginiň usulyny oýlap tapdylar

  • 29.08.2024 17:04
  • 5.2k+

Hytaýyň Ninbo materiallary öwreniş we inženerçilik institutynyň alymlary Aýda suwuň senagat önümçiliginiň usulyny oýlap tapdylar.

Bu usul, çukur ýaly aýnalaryň kömegi bilen Aý regolitiniň 926 gradusa çenli gyzdyrylmagyna esaslanýar. Ýöne aý minerallarynyň düzümindäki yzgar olaryñ 0.0001%-den 0.02%-i aralygyny tutýandyr. Bir gram erginden 51-76 mg suw çykýar.

“Bu bir tonna aý regolitiniň 50 kg suw öndürip biljekdigini aňladýar, bu bolsa takmynan 100 sany 500 ml-lik çüýşe agyz suwuna deňdir. Bu mukdardaky agyz suwy 50 adamyň bir gününe ýeterlik bolar"-diýip, The Innovation žurnalynda çap edilen gözlegiň awtorlary belläp geçýärler.

Mundan başga-da, suwuň elektrohimiki taýdan wodorod we kisloroda bölünen bolmagy ähtimal, bu bolsa degişlilikde energiýa we dem alyş üçin ulanylyp bilner.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....