Türkmenistan Eýrana iberýän gazynyň möçberini ýylda 40 milliard kub metre ýetirmegi meýilleşdirýär

  • 29.08.2024 10:47
  • 9.1k+

28-nji awgustda Eýrana iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Masud Pezeşkian bilen gepleşikleri geçirdi.

TDH agentliginiň habar bermegine görä, söhbetdeşler özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alyşdylar we birnäçe ugurlar boýunça durup geçdiler.

Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Eýran uzak ýyllaryň dowamynda gaz pudagynda hyzmatdaşlyk edýär. Onuň çäklerinde Eýrana we onuň üsti bilen “swap” görnüşinde beýleki ýurtlara türkmen tebigy gazy iberildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu işleri has giň gerimde dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady. Ýakyn geljekde şeýle usulda Yrak Respublikasyna-da türkmen tebigy gazynyň iberiljekdigi bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, Halk Maslahatynyň Başlygy Eýrana iberilýän türkmen tebigy gazynyň möçberini her ýylda 40 milliard kub metre çenli artdyrmak babatda tagallalaryň edilýändigini aýdyp, bu ugurda eýran kompaniýalary bilen taslamalary we işleri bilelikde amala aşyrmagy teklip etdi.

Elektroenergetika pudagy
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda biziň ýurtlarymyz bu pudakda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmen elektrik energiýasynyň Balkanabat — Gonbat we Şatlyk — Sarahs ugurlary boýunça Eýrana iberilýändigi munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle hem Mary — Maşat elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň taslamasy boýunça eýran kompaniýalary bilen deslapky işleriň ýerine ýetirilýändigi barada aýdyldy.

Ulag ulgamy
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu ugurda eýran tarapy bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge taýýardygy tassyklanyldy. Gurbanguly Berdimuhamedow ýol gurluşygy boýunça bilelikde işlemek hakynda aýdyp, bu ýerde gürrüňiň türkmen-eýran serhedinden Türkmenistanyň Etrek we Gumdag şäherlerine çenli uzajak awtomobil ýolunyň gurulmagy barada barýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, agzalan taslamany amala aşyrmak boýunça degişli Ähtnamanyň esasynda deslapky işleriň ýerine ýetirilýändigine üns çekildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow bu ileri tutulýan ugurlarda meýilleşdirilýän bilelikdäki işleri ýakyn wagtda durmuşa geçirmäge başlamagy teklip edip, munuň üçin zerur bolan ähli mümkinçilikleriň we şertleriň bardygyny aýtdy.
Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparyny mümkin bolan gysga wagtda guramak boýunça degişli işleri geçirmegi teklip etdi. Munuň özi täze taslamalary amala aşyrmak bilen bagly ähli meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berer.


şu gün 07:51
714

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
903

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......