Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine baryp gördi we Haýyr-sahawat gaznasynyň işi bilen gyzyklandy

  • 28.08.2024 11:50
  • 15k+

27-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi, şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny dikeltmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler bilen gyzyklandy diýip, TDH habar berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherindäki ştab-kwartirasynda bolup, bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň, şäheriň häkimi G.Mämmedowanyň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda şu ýylyň dowamynda degişli düzümler boýunça alnyp barylýan işler hem-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda işlenip taýýarlanan maksatnamalar barada habar berildi.
R.Bazarow hasabatynda kömege mätäç çagalaryň 400-den gowragyna degişli operasiýalaryň geçirilendigini, Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallasy bilen ýurdumyzyň welaýatlarynyň çagalar sagaldyş merkezlerine haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “B.Braun” kompaniýasynyň dowamly böwrek keselinden ejir çekýän näsaglaryň saglygyny gowulandyrmaga ýardam berýän “Dialog+” kysymly gemodializ enjamlarynyň sowgat berlendigini aýtdy.
Mundan başga-da, gaznanyň hasabyna dünýäniň birnäçe döwletiniň tebigy heläkçilikler zerarly ejir çeken çagalaryna ynsanperwerlik ýükleriniň ugradylandygy, ýurdumyzda bellenilýän şanly seneler mynasybetli çagalara ýörite sowgatlaryň gowşurylandygy barada hasabat berildi. Aýratyn-da, gaznanyň howandarlyk etmeginde, 14 ýaşa çenli çagalaryň arasynda yglan edilen “Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri” atly surat çekmek bäsleşiginiň ähmiýetli bolandygy nygtaldy.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......