Türkmenistanly lukmanlar Koreýa Respublikasynda tejribelik geçdiler

  • 28.08.2024 10:05
  • 5.8k+

Türkmenistanly lukmanlar “Koreýa görnüşli dikeldiş lukmançylyk boýunça” dört hepdelik treningiň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde kliniki taýýarlyk maksatnamasyny geçdiler. Bu barada Orient habar berýär.

Sebitde iri lukmançylyk edaralarynyň biri bolan Kýonbuk Milli uniwersitetiniň Çhilgok hassahanasynyň binýadynda geçirilen treninge Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň lukmanlary gatnaşdy.
Lukmanlar üçin hünär taýýarlyk kurslary nazary bilimlerden hem-de 11 ugur boýunça, şol sanda newrologiýa, süňk-beden we pediatriýa dikeldiş ugurlaryndan kliniki okuw gözegçiligini öz içine aldylar.
Mundan başga-da, Merkezi Aziýanyň lukmançylyk mekdeplerinde koreýa görnüşli dikeldiş lukmançylyk okuw maksatnamasyny ulanmak maksady bilen ordinatorlaryň taýýarlanylmagy, maýyplar üçin ulgamyň döredilmegi we beýleki umumy ugurlar boýunça okuwlar geçirildi.
Bu trening Koreýa-Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň hemaýaty bilen gurnaldy.
Belläp geçsek, 2023-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen Merkezi-Aziýa – Günorta Koreýa 16-njy Maslahatynyň çäklerinde Koreýa lukmançylygynyň Milli ösüş instituty hem-de Pusan milli uniwersitetiniň Koreýa lukmançylyk mekdebi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Iş ylalaşygyna gol çekdiler. Bu resminama laýyklykda Türkmenistanyň klinikalarynyň birinde Koreýa lukmançylyk merkeziniň açylmagy göz öňünde tutulan.
Mundan başga-da Ylalaşyk koreýa görnüşli we dikeldiş lukmançylyk babatda häzirki zaman tehnoogiýalar we ylmy-amaly maglumatlar boýunça tejribe alyşmaklaryny, bilelikdäki okuw maksatnamalarynyň işlenilip taýýarlanylmagyny we durmuşa geçirilmegini, saglygy goraýyş we derman senagaty ugrundaky hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini öz içine alýar.


20.06.2026 12:08
6.2k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......