Kambojanyň ilçisi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna ynanç hatyny gowşurdy

  • 27.08.2024 14:22
  • 4.2k+

26-njy awgustda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kamboja Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Sok Çeadan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň saýtynda habar berilýär.

Parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Sok Çeany jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ilçi Mejlisiň düzümi we alyp barýan işi, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmekdäki orny bilen tanyşdyryldy.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar parlament ugry boýunça Türkmenistan bilen Kamboja Patyşalygynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garadylar.

Şol gün Kamboja Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçisi Sok Çea şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen duşuşdy.
Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, hususan-da, bilelikdäki işewür forumlaryny we sergileri guramak arkaly ýola goýmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......