Arheologlar Müsürde miladydan öňki VI asyra degişli astronomiki obserwatoriýany tapdylar

  • 26.08.2024 23:31
  • 5.1k+

Arheologlar Müsürde miladydan öňki VI asyra degişli gadymy astronomiki obserwatoriýany tapdylar. Obserwatoriýa Kafr eş-Şeýh welaýatynda ýerleşýän Buto ybadathanasynda tapyldy diýip, Müsüriň Milli syýahatçylyk we gadymyýet ministrligine salgylanýan RIA “Nowosti” ýazýar.

Takmynan 850 inedördül metr meýdany tutýan obserwatoriýa şol döwrüň mälim bolan iň iri desgalaryndan biridir.
Desga çig kerpiçden gurlup, diňi we uly zaly öz içine alýan on otagdan ybarat. Onuň içinden Gün sagady, şeýle hem XXVI nesilşalygy döwrüniň çal granitden ýasalan ruhany heýkeli ýaly, amaly-haşam sungatyna degişli zatlar, müsürlileriň gündelik durmuşda we dini däp-dessurlarda ulanan ölçeg gurallarynyň toplumy, faýans  we keramika önümleri tapyldy.
Alymlaryň pikirine görä, obserwatoriýa Günüň we ýyldyzlaryň hereketine gözegçilik etmek üçin ulanylan bolmaly. Bilşiňiz ýaly, gadymy müsürliler astronomiýany çuňňur öwrenip, Gün senenamasyny ulanypdyrlar.


düýn 20:31
2.4k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......