Gurbanguly Berdimuhamedow “Arçman” şypahanasynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

  • 24.08.2024 23:57
  • 15k+

24-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky “Arçman” şypahanasynda baryp gördi. Saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri şypahananyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň  mümkinçilikleri bilen tanyşdy diýip, “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna şypahananyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary we ozal bar bolan desgalaryň durkuny täzelemegiň ugurlary hem-de degişli düzümleriň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary görkezildi hem-de ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamalary barada hasabat berildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, “Arçman” şypahanasynda täze bejeriş binasyny gurmak boýunça degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen guramaçylyk işleri geçirildi. Şeýlelikde, şypahananyň melhem suwly çeşmesiniň suw gorlary ylmy esasda öwrenildi, ony rejeli peýdalanmak boýunça maslahatlar berildi. Şypahananyň täze binasy gurlandan soňra, bu ýerde bejergi alýan adamlaryň sanyny has-da artdyrmak üçin goşmaça mümkinçilikler dörär.  

Taslamalara laýyklykda, “Arçman” şypahanasynda:

  • 400 orunlyk bina gurmak;
  • desgalaryň durkuny täzelemek;
  • şypaly suw bilen bejeriş binasynyň;
  • daşky eltiji ulgamlaryň;
  • şypaly suw içilýän binanyň;
  • 300 orunlyk mejlisler otagynyň;
  • 400 we 250 orunlyk naharhanalaryň;
  • dermanlyk otlardan taýýarlanan dürli içgileri hödürleýän çaýhananyň;
  • diş lukmanynyň otagynyň
  • anyklaýyş we fizioterapiýa;
  • rentgen otaglaryny gurmak meýilleşdirilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän enjamlaryň görnüşleri, täze desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Mundan başga-da, “Arçman” şypahanasynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän täze binanyň, durky täzelenjek bejeriş otaglarynyň ýerleşdirilişi, ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagynyň ugurlary, binalaryň bezeg aýratynlyklary, esasan-da, täze toplumyň merkezi girelgesi we onuň dolandyryş ulgamynyň enjamlaşdyrylyşy barada hasabat berildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi, meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde we ýokary hil derejesinde amala aşyrylmagy häzirki döwrüň möhüm wezipesidigini belläp, bu işleriň ýokary depginde alnyp barylmagyny yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk işlerinde hiç hili ownuk zadyň ýokdugyny belläp, toplumyň binalarynyň enjamlaşdyrylyşyna, olarda döredilýän mümkinçiliklere, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna we olaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini belläp, kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......