Türkmenistan we Astrahan sebiti deňiz-derýa ulaglary pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak meselesini maslahatlaşýar

  • 24.08.2024 16:42
  • 7.7k+

21-nji awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýarlar agentliginiň wekilleriniň, general-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. “Türkmendeňizderýaýollary” agentligiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşygyň barşynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebiti Türkmenistan bilen derýa we deňiz ulaglary pudagynda hünärmenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdi.

Duşuşyga Astrahan sebitiniň daşary aragatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow we Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Gadam Ilamanow hem gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda general-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynyň direktory Olga Kartaşowa Russiýada we Hazar deňziniň basseýnindäki ýurtlarda suw ulaglary boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebiniň ylym-bilim mümkinçikleri barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle hem, bu ýokary okuw mekdebi hereket edýän gämi ekipažynyň agzalaryny, gaýtadan taýýarlamaga we hünär derjesini kämilleşdirmäge ýöriteleşendir.

“Orta hünär we ýokary bilim fakultetlerinde 4 müňe golaý kursant (talyp) bilim alýar, olaryň 500-den gowragy Hazarýaka ýurtlarynyň raýatlary” – diýip direktor belledi. Şeýle hem ol Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynyň diplomy uçurymlara dünýäniň islendik ýerinde işlemäge mümkinçilik berýändigini nygtady.

Häzirki wagtda Türkmenistandan 1700 töweregi talyp Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitinde okaýar. 2023-2024-nji okuw ýylynyň ahyrynda olaryň sany öňki okuw ýyly bilen deňeşdirilende 50% artdy.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......