Raşid Meredow «Frontier Works Organization» pakistan kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

  • 24.08.2024 10:42
  • 4.7k+

22-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistanyň «Frontier Works Organization» kompaniýasynyň prezidenti we baş inženeri Kaşif Nazir bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.
Duşuşykda taraplar şäher gurluşygy, ýol-ulag infrastrukturasyny gowulandyrmak we suwaryş ulgamlaryny gurmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşler Türkmenistanda meýilleşdirilýän iri göwrümli taslamalary durmuşa geçirmekde we «Frontier Works Organization» kompaniýasynyň üstünlikli köp ýyllyk tejribesini nazara almak bilen, özara gatnaşyklaryň geljegi dogrusynda pikir alyşdylar.


şu gün 17:39
191

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......