Türkmenistanyň wekiliýeti Baýkal ýaşlar forumyna gatnaşdy

  • 22.08.2024 12:36
  • 10k+

2024-nji ýylyň 16–19-njy awgust aralygynda türkmen ýaşlar wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Burýatiýa Respublikasynyň Baýkal kölüniň kenarynda geçirilen Baýkal ýaşlar forumyna gatnaşdy. Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň we üç sany ýokary okuw mekdebiniň wekilleri girdi diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Forumyň esasy mowzugy - «Durnukly ösüş maksatlary» bolup, oňa Russiýanyň ýedi sebitinden we dünýäniň 13 ýurdundan 300-e golaý ýaşlar gatnaşdy. Olaryň hatarynda ýaşlar jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we işjeňleri, ýaş döwlet we ýerli häkimiýet gullukçylary, talyplar, döredijilik hünärleriniň wekilleri we telekeçiler bar.
Üç günüň dowamynda halkara ýaşlar toparlary watançylyk, meýletinlik, medeniýet we sungat, metbugat we dolandyryş ýaly bäş dürli ugurda iş alyp bardy.
Baýkal ýaşlar forumy işjeň we zehinli ýaşlar jemgyýetiniň emele gelmegine, döwlet ýaşlar syýasatynyň häzirki meselelerini çözmäge gatnaşmagyna, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etjek halkara ýaşlar toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem dürli ugurlarda üstünlik gazanan ýaşlaryň ygtyýarlyklaryny ösdürmäge ýardam etmek maksady bilen döredildi.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......