Türkmen hünärmenleri Eýranda “Horasan” ylmy-tehniki parkyna baryp gördüler

  • 21.08.2024 10:59
  • 3.8k+

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda Eýranyň Horasan-Rezawi welaýatynyň ylmy-tehniki parkynda üç günlük duşuşyk geçirildi.

THP-niň ISNA agentligine salgylanyp habar bermegine görä, iş saparyň çäklerinde türkmen hünärmenleri Maşatda ýerleşýän ylmy-tehniki parkyň nebit-himiki, elektriki we başga pudaklardaky mümkinçilikleri bilen tanyşdylar.
Bellenilişi ýaly, bu gatnaşyklar täze tehnologiýalaryň işlenilip taýýarlanmagynda we iki döwletiň ylmy kuwwatynyň ösüşine ýardam eder.
Duşuşygyň barşynda iki döwletiň goňşuçylyk gatnaşyklary netijesinde dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri nygtaldy.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen “Horasan” ylmy-tehniki parkyň arasynda ylmy gatnaşyklary, derňew we tehnologik gatnaşyklary, şeýle-de iki döwletiň arasynda bilim we tejribe çalşygy, innowasion ekoulgamy ösüşine ýardam etmek boýunça özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekmek teklibi öňe sürüldi.
Häzirki wagtda “Horasan” ylmy-tehniki parkynda 475 sany tehnologiki kompaniýa iş alyp barýar. Olarda 6 müň töweregi adam zähmet çekýär.


düýn 20:31
3k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......