Türkmen oftalmologlary hytaýly kärdeşleriniň iş tejribesini öwrendiler

  • 21.08.2024 10:47
  • 3.6k+

Geçen hepdede Türkmenistandan we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryndan oftalmolog-bilermenler HHR-de Sianda ýerleşýän "Eyedeal Medical Technology Co., Ltd." kompaniýasyna baryp gördüler. Bu sapar Halk Respublikasynyň Saglygy goraýyş milli komissiýasynyň Halkara tejribe alyş we hyzmatdaşlyk merkeziniň çakylygy boýunça amala aşyryldy diýip, Orient agentligi habar berýär.

Merkezi Aziýaly hünärmenler barlaglar, oftalmologiýa enjamlarynyň we esbaplarynyň işläp taýýarlamalary we öndürilişi bilen meşgullanýan ýokary tehnologiýaly kärhananyň işi bilen ýakyndan tanşyp, täze materiallaryň we innowasiýalaryň işläp taýýarlamalarynda soňky gazananlar barada maglumat aldylar.
Hünärmenler ýokary takykly lukmançylyk desgalarynyň artykmaçlyklaryna we hiline ýokary baha berip, degişli önümleriň aýratynlygynyň öwredilişi babatynda ylmy barlagçylar bilen gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirdiler.

Saparyň çäklerinde kompaniýa içerki ynsanperwer maksatnamasynda we “Bir guşak – bir ýol” ýurtlarynda ulanmagyň çäklerinde Hytaýyň "Health Express Foundation" gaznasyna 5000 ýokary netijeli intraokulýar linzalaryny mugt gowşurjakdygy barada aýdyp geçdi. Intraokulýar linzalaryň bu tapgyry katarakta keselinde mugt operasiýalaryň geçirilmeginde ulanylar. Bu bolsa Hytaýda we daşary ýurtlarda köpsanly näsaglara göz görüjiligini dikeltmäge mümkinçilik berer.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......