Marsyň iň takyk kartasy döredildi. Üstesine, ol hakyky reňkinde

  • 20.08.2024 12:02
  • 11k+

Hytaýyň 2020-nji ýylda uçurylan Tianwen-1 kosmos missiýasy Marsy öwrenmekde ep-esli üstünlik gazandy. Professorlar Li Çunlaý bilen Çžan Žunsýaonyň ýolbaşçylygyndaky alymlar Gyzyl planetanyň iň jikme-jik takyklykdaky kartasyny hakyky reňkinde döretdiler diýip, Phys.org portalynda çap edilen makalada aýdylýar.

Tianwen-1 Mars Global Color Orthomosaic 76 m v1 diýlip atlandyrylýan bu kartanyň durulygy 76 m, gorizontal takyklygy 68 m bolup, ol häzirki wagtda bar bolan kartalaryň arasynda iň takygydyr.
Barlagçylar şekilleriň arasyndaky gyşarmany 1 pikselden hem azaltmak üçin, paketi sazlamak tehnologiýasyny ulanyp, “sepsiz” mozaikany döretdiler.
Täze karta halkara ylmy jemgyýetçiligi planetany kartalaşdyrmakda täze gural bilen üpjün edip, Marsyň ýüzündäki ýokary takyklykdaky reňkli maglumatlaryň boşlugyny doldurýar.
Tianwen-1 tarapyndan toplanan maglumatlar geljekki ylmy barlaglar we missiýalar üçin möhüm ähmiýete eýedir.  Marsyň şeýle durulykdaky global reňkli şekilleri öň elýeterli däldi.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....