Türkmenistan lukmançylyk galyndylaryny zyýansyzlandyrmak üçin enjamlary aldy

  • 19.08.2024 11:18
  • 9.5k+

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi lukmançylyk galyndylaryny, şol sanda suwuk lukmançylyk galyndylaryny zyýansyzlandyrmak üçin stasionar enjamyny aldy diýip, Orient BMGÖM-niň Instagram sahypasyna salgylanyp habar berýär.

Enjamlar Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikdäki taslamanyň çäginde üpjün edildi.
Enjam eýýäm Türkmenistanyň Ýokanç keseller müdiriýetiniň Gan merkezinde oturdyldy.
Bu tehnologiýa gepatit A, B, C, AIW, poliomielit, Ebola wirusyny, SARS we MERS wiruslaryny, şeýle hem patogen mikroorganizmler ýaly ganda we düzüm böleklerinde ýüze çykaryp bolýan we donarlyk üçin ýaramsyz bolan stafilokokklar, streptokokklar, inçekeseli we beýlekileri mikobakteriýalary ýok etmäge mümkinçilik berýär. Döwrebap galyndylary taşlaýyş ulgamynyň kömegi bilen ýokuşmagy mümkin bolan lukmançylyk galyndylary düýpli zyýansyzlandyrma tapgyryndan geçýär we mundan beýläk zyňmak üçin howpsuz bolýar.
Şeýle hem enjamlar lukmançylyk edaralarynyň ekologiýa howpsuzlygyny berkidýär we lukmançylyk galyndylaryny zyýasyzlandyrmak üçin himiki serişdeleri ulanmak zerurlygyny aradan aýyrar. Amalyň doly awtomatlaşdyrylmagy we oturdylan resminamalar ulgamy ähli zyýansyzlandyrma tapgyrlarynyň ählisiniň aç-açanlygyny üpjün edýär.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......