Marsda hereket edýän Perseverance enjamy Ýezero kraterine çykmaga taýýarlanýar

  • 17.08.2024 18:39
  • 5.1k+

NASA-nyň Marsda hereket edýän Perseverance enjamy Ýezero krateriniň günbatar tarapyna çykmagy öz içine alýan planetadaky bäşinji ylmy wezipesine taýýarlanýar. Kratere çykmak 19-njy awgusta meýilleşdirilýär we enjamyň ýolunyň iň howply bölegi hasaplanýar diýip, NASA salgylanyp, RBK habar berýär.

2021-nji ýylyň fewral aýynda gonandan bäri Perseverance eýýäm dört missiýany ýerine ýetirip, 22 kern dag jynsyny ýygnady we Marsyň üstünde 29 km-den gowrak aralygy geçdi. Täze missiýada iki obýekt: Piko Turkino bilen Jadygöý Heýzeliň baýry aýratyn gyzyklanma döredýär, olar Marsyň gadymy klimaty barada möhüm geologiki maglumatlary saklap bilerler.
Kratere çykmak töwekgelçilikleri azaltmak üçin awtomatik nawigasiýa boýunça alnyp barlar. Krateriň ýokarsyna, Park Awrora diýlip atlandyrylan nokada ýetenden soň, kosmiki enjam, takmynan, 300 metr belentlige çykar, bu hem oňa gözlegleriň indiki tapgyryna girişmäge mümkinçilik berer.
Öň, NASA-nyň Mars Insight enjamy Gyzyl planetanyň teýinde suwuk suw ätiýaçlyklarynyň alamatlaryny ýüze çykardy. Alymlar onuň Marsyň gabygynda 11,5 km-den 20 km çenli çuňlukda ýerleşýändigini kesgitlediler


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....