Ýewropada iň köp satylan awtoulaglaryň sanawynda Dacia Sandero Tesla Model Y-dan öňe geçdi

  • 16.08.2024 12:23
  • 4.6k+

Dacia Sandero heçbegi 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Ýewropada iň köp satylan awtoulag boldy. Bu awtoulag 2023-nji ýylda satuwda birinji ýeri eýelän Tesla Model Y-dan öňe geçdi diýip, Carscoops habar berýär.

Ýanwar-iýun aýlary aralygynda 143,6 müň sany Dacia Sandero awtoulagy satyldy.
Sanderonyň meşhurlygy, onuň 11,5 müň ýewrodan başlaýan elýeterli bahasy bilen düşündirilýär. Heçbekden soň, satuwda ikinji orny Volkswagen Golf (127 müň ulag) eýeleýär, ondan soň Renault Clio (114,6 müň ulag) we Volkswagen T-Roc (111,4 müň ulag) awtoulaglary durýar.
Elektrik ulaglarynyň arasynda iň meşhur bolan Tesla Model Y sanawda 101,2 müň awtoulag netijesi bilen diňe sekizinji orny eýeledi.


düýn 09:56
2.3k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....