Google-yň hödürlän robot-tennisçisi höwesjeňleri ýeňmegi başardy

  • 13.08.2024 12:10
  • 5.7k+

Google DeepMind-yň hünärmenleri stolüsti tennisini oýnamaga ukyply we höwesjeňleri ýeňip bilýän AI (emeli aň) robotyny işläp düzdüler.

Taslamanyň esasy hökmünde, raketka we stoluň üstündäki topy yzarlaýan ýokary tizlikli kameralar bilen enjamlaşdyrylan ABB IRB 1100 manipulýatory çykyş edýär. Şeýle hem ulgam garşydaşyň hereketlerini öňünden seljermek tehnologiýasyny öz içine alýar.
AI roboty oýny seljermek arkaly öz strategiýasyny yzygiderli uýgunlaşdyrýar. Ulgam iki režimde işleýär: esasy – ýönekeý hereketleri öwrenýär we ýokary – AI modelleri oýnuň usullaryny öwrenýärler. Robot hakyky topuň 17,5 müň traýektoriýasynda tälim aldy.
Synag oýunlarynda, robot 29 oýundan 13-sinde ýeňiş gazandy. Üstünliklerine garamazdan, ulgam ökde tennisçiler bilen bäsleşmäge entek taýyn däldir, sebäbi robot has çalt hereketlere jogap bermäge ýetişmeýär. Şeýle-de bolsa, hünämenler robotyň has kyn zarbalary ýeňip geçmek we ökde oýunçylara garşy çykyş etmek üçin kämilleşdirilip bilinjekdigini nygtaýarlar. Mundan başga-da, tehnologiýa çalt jogaby we uýgunlaşmagy talap edýän beýleki robot meselelerinde hem ulanylyp bilner.  


21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

17.06.2026 07:37
3.1k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....