Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministrini Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy

  • 12.08.2024 23:59
  • 10k+

Şu gün - 12-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň başynda dostlukly ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysy telefon arkaly söhbetdeşligi geçirmek baradaky teklibi goldandygy üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirdi hem-de Astana şäherinde 9-njy awgustda geçirilmegi meýilleşdirilen “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” dialogynyň birinji Sammitiniň we ikitaraplaýyn duşuşygyň yza süýşürilmeginiň Ýaponiýada bolup geçen güýçli ýertitreme bilen baglydygyny aýdyp, göz öňünde tutulan bu çäreleriň yza süýşürilmeginiň dogry kabul edilmegini  haýyş etdi.
Öz gezeginde, Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýada bolup geçen ýertitreme baradaky habary gynanç bilen kabul edendigini belläp,  ähli türkmen halkynyň adyndan we hut öz adyndan çuňňur  gynanjyny we medet berji sözlerini, şeýle hem ähli ejir çekenlere tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň kabul eden çözgüdine düşünmek bilen garaýandygyny belläp, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berjek ikitaraplaýyn gepleşikleri islendik amatly wagtda geçirmäge taýýardygyny aýtdy.
Fumio Kisida bu sözler üçin çuňňur hoşallygyny bildirip, ýokarda ady agzalan Sammitiň we ikitaraplaýyn duşuşygyň ýakyn wagtda   ýokary derejede guralmagy üçin ýapon tarapyndan ähli tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.
Serdar Berdimuhamedow deňhukuklylyk, milli bähbitleri we iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan wezipelerini nazara almak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara dialogynyň ösdürilmeginiň möhümdigi barada aýdyp, Ýaponiýanyň Premýer-ministrini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Dostlukly ýurduň Hökümetiniň Baştutany çakylyk  üçin hoşallygyny bildirip, ýapon tarapynyň hem  netijeli hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirýändigini aýtdy we bilelikdäki işiň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin Türkmenistanyň Prezidenti  bilen ýakyn wagtda gepleşikleriň geçirilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýtdy.


düýn 19:38
4.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......