Astanada “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň işewürlik maslahaty geçirildi

  • 12.08.2024 00:20
  • 1.2k+

9-njy awgustda Astanada “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň bilelikdäki işewürlik maslahaty geçirildi.

Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi, Ýaponiýanyň Russiýa we täze garaşsyz döwletler bilen söwda assosiasiýasy (ROTOBO), Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrligi, «Kazakh Invest» kompaniýasy, «Atameken» milli telekeçiler edarasy Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň goldaw bermeginde bu wekilçilikli işewürlik çäresiniň guramaçylary hökmünde çykyş etdi. Forumyň gün tertibi sebit integrasiýasynyň möhüm ugurlaryny, köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meýilnamalaryny hem-de senagat kooperasiýasy taslamalaryny goldamagy, ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek meselelerini öz içine aldy.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň wekiliýetleriniň 450-den gowrak wekilini bir ýere jemlän forumyň açylyş dabarasynda bu bilelikdäki çäräniň ähmiýeti nygtaldy.
«Uglerod bitaraplygy we senagaty döwrebaplaşdyrmak ulgamlarynda Ýaponiýa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda hyzmatdaşlyk», «Halkara ýagdaýlaryň üýtgeýän şertlerinde Ýaponiýada we Merkezi Aziýada arabaglanyşygy ösdürmegiň täze mümkinçilikleri», «Adam maýasyna maýa goýmagyň we telekeçiligi ösdürmek üçin işewürlik infrastrukturasyny pugtalandyrmagyň wajyplygy, şeýle hem Ýaponiýa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda maliýe ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek» atly plenar mejlisleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşylyp, bilelikdäki hyzmatdaşlygyň meýilnamalary anyklaşdyryldy.
Öz gezeginde, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri öz ýurtlarynyň söwda-ykdysady, tebigy baýlyklar kuwwaty barada çykyş edip, ugurlaryň giň toplumy boýunça netijeli köptaraply gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......