Şawkat Mirziýoýew Serdar Berdimuhamedowy Özbegistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy

  • 10.08.2024 12:48
  • 7.7k+

9-njy awgustda Astana şäherine iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň başynda bellenilişi ýaly, şu ýylyň alty aýynyň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 14 göterim artdy. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň möhüm ornuny, onuň nobatdaky mejlisiniň şu ýylyň 15-16-njy iýulynda Daşkent şäherinde geçirilendigini belläp, Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň üsti bilen işewür toparlaryň ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmegi teklip etdi.
Özbegistanyň Prezidenti giň ugurlar, şol sanda oba hojalygy, elektroenergetika, nebitgaz toplumy, himiýa senagaty we beýleki pudaklar boýunça özbek-türkmen ykdysady hyzmatdaşlygynyň işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, öz nobatynda, iki döwletiň çäklerinde söwda öýleriniň açylmagynyň hem-de ykdysady forumlaryň geçirilmeginiň möhümdigini nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki wajyp ugurlaryna degip geçmek bilen, Türkmenistan bilen Özbegistanyň Merkezi Aziýanyň, Hytaýyň, Ýewropanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirmek üçin zerur şertleri döretmek boýunça tagallalaryny birleşdirip biljekdiklerini aýdyp, ulag ulgamyna aýratyn ünsi çekdi.
Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylyň oktýabrynda Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilendigini ýatladyp, türkmen tarapynyň şu ýyl ýurdumyzda Özbegistanyň Medeniýet günlerini geçirmäge taýýardygyny beýan etdi.
Pursatdan peýdalanyp, özbek Lideri Prezident Serdar Berdimuhamedowy hem-de Gurbanguly Berdimuhamdowy islendik amatly wagtda resmi sapar bilen Özbegistana gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......