OpenAI macOS üçin ChatGPT-ni täzeledi

  • 09.08.2024 23:07
  • 1.3k+

OpenAI macOS üçin ChatGPT-niň täzelenen görnüşini hödürledi. Indi ulanyjylar AI kömekçisi bilen beýleki programmalaryň ýokarsynda ýerleşýän kiçi penjire arkaly aragatnaşyk saklap bilerler diýip, TechRadar habar berýär.

Bu funksiýa penjireleri çalyşmazdan binäçe işi birden bitirmäge mümkinçilik berýär.
Şeýle hem täzelenme kämilleşdirilen maglumat seljeriş funksiýalaryny öz içine alýar. Ulanyjylar has giňişleýin derňew üçin ChatGPT tarapyndan döredilen diagrammalara we tablisalara goşmaça düzedişleri goşup bilerler.
Bu gowulaşmalara garamazdan, programma täzelenende käbir kynçylyklar ýüze çykyp biler. Kiçi penjire funksiýasyny goşýan 1.2024.199 wersiýasy, bu funksiýasy bolmadyk 1.2024.212 wersiýasy bilen çalşyrylyp bilner.
Şeýle hem, OpenAI ChatGPT-niň Windows wersiýasynyň 2024-nji ýylda çykjakdygyny mälim etdi. Täzelenme, M1 çipi we macOS 14 (Sonoma) ýa-da has soňraky operasion ulgamy bolan Mac ulanyjylary üçin elýeterlidir.


25.06.2026 10:21
4.5k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

21.06.2026 21:09
1.3k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.4k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......